Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň gümrük gullugynyň işgärleri galp harytlary ýüze çykarmagyň usullary barada maslahatlaşdylar

09:0427.05.2022
0
41803

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri üçin sanly ulgam arkaly «Intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak» boýunça okuw maslahatyny geçirildi.

TDGG-nyň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, «Schmitt & Orlov Intellectual Property» halkara kompaniýasy okuw maslahatynyň dowamynda, gümrük serhedinden geçirilýän galp harytlary ýüze çykarmagyň usullary, harytlaryň hakykylygynyň aýratyn tapawutlary barada çykyşlar diňlenildi, şeýle hem belli-belli söwda nyşanlarynyň mysalynda awtorlyk hukugynyň eýeleriniň intellektual hukuklaryny goramagyň tejribeleri bilen tanyşdyryldy.

Ýokarda ady agzalan kompaniýanyň wekilleri, bu kompaniýanyň gyzyklanma bildirýän intellektual eýeçilik hukugyna eýe bolan taraplaryň söwda nyşanlary barada hem giňişleýin maglumat berdiler.

Okuw maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylar şeýle çäreleriň harytlaryň bikanun söwdasyna garşy göreşi guramakda möhüm ornuny bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň