Arhiw

“Miras” žurnalynyň daşary ýurtly okyjylara niýetlenilen nobatdaky sany çapdan çykdy.

23:1420.03.2015
0
3209

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän “Miras” ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Daşary ýurtly okyjylara niýetlenilen žurnal Magtymguly Pyragynyň döwrüne we döredijilik mirasyna degişli barlaglaryň netijeleri hakynda makalalary çap etmegi dowam edýär.

“Miras” žurnalynyň nobatdaky sanyndaky makalalar, esasan, daşary ýurtly awtorlara degişlidir hem-de türkmen nusgawy edebiýatynyň ussadynyň şahsyýetine, pelsepewi garaýyşlaryna we ynsanperwerlik taglymlaryna ýugrulan şahyrana döredijiligine egsilmez gyzyklanmany beýan edýär.

Okyjy Hindistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Germaniýadan hem-de Ispaniýadan bolan alymlaryň makalalaryndan Magtymgulynyň goşgularynyň aýratynlyklary, olaryň Gündogaryň köp şahyrlarynyň döredijiligine täsiri we terjimeleri hakynda maglumat alyp biler.

Däp bolup gelşi ýaly žurnalda ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşynyň wakalarynyň synynda hem Magtymguly Pyragynyň ýylynyň jemleýji çärelerine uly orun berilýär.

Beýik türkmen şahyryna bagyşlanylan žurnalyň sany şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşlerinde we teatr sahnalarynda beýan edilen Magtymgulynyň keşbini suratlandyrýan köp sanly fotosuratlar bilen bezelipdir. Munuň özi “Miras“ žurnalynda çap edilen makalalaryň üstüni ýetirýär hem-de ony dünýäniň köp ýurtlarynda giň okyjylar köpçüligi üçin elýeterli edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň