Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Balkan-Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşygy bilen tanyşdy

23:2526.05.2022
0
1712

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Daşoguz welaýatyna bardy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany Daşoguz welaýatyna saparynyň birinji güni Hökümetiň göçme mejlisini geçirdi, şeýle-de welaýatyň çäklerindäki Balkan-Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň barşy hem-de ýurduň demirgazyk sebitiniň ekerançylyk meýdanlaryndaky we maldarçylyk pudagyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Hormatly Prezident welaýatyň çäginde gurluşygy dowam edýän, güýjenmesi 500 kilowolt bolan howa elektrik geçirijisiniň gurluşyk meýdançasyna bardy.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow taslamalar, olary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler we degişli desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentiň garamagyna Türkmenistanyň energiýa ulgamynyň tutuş ýurdumyz boýunça hereket edýän umumy görnüşiniň çyzgylary, onuň eksport ugurlary, şol sanda Türkmenistandan goňşy ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny hem-de ugurlaryny görkezýän taslamalar, Daşoguz we Ahal döwlet elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmegiň çyzgylary we taslamalary, şeýle hem Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan Gün we ýel elektrik stansiýalarynyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hem-de taslamasy, mundan başga-da Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň çäginde gurlan energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň baş meýilnamasy hem-de onuň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutany taslamalar bilen tanşyp, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginiň häzirki döwrüň möhüm talabydygyna ünsi çekdi. Halkalaýyn energoulgamyň desgalaryny häzirki zamanyň ösen tejribesi esasynda enjamlaşdyrmak, onuň önümçilik düzümlerine täzeçil tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrylmak bilen baglanyşykly meseleler hemişe üns merkezinde saklanmalydyr diýip, hormatly Prezident belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň