Soňky habarlar

Arhiw

Aral milli maksatnamasyna laýyklykda Daşoguzda durmuş-ykdysady maksatly desgalar gurlar

23:1126.05.2022
0
1602

Şu gün Daşoguz welaýatyna sapar bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen Aral meselesi boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanda amala aşyrylýan işlerde Aral deňziniň ekologiýa meselelerine örän uly ähmiýet berilýär. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasy işlenip taýýarlandy we geçen ýylyň 22-nji oktýabrynda kabul edildi. Bu Maksatnama Daşoguz welaýatynda durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen esasy resminama boldy. Maksatnama laýyklykda, Daşoguz welaýatynda 3 sany köpugurly hassahanany, 7 sany suw arassalaýjy desgany gurmak, Daşoguz şäherinde kuwwatlygy 120 megawatt bolan gazturbinaly elektrik stansiýasyny gurmak göz öňünde tutuldy. Aral milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan 86 taslamadan 48-si Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy, Çagalar Gaznasy, Ilat Gaznasy, Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy we beýleki halkara guramalar bilen bilelikde durmuşa geçirilýändigini aýratyn bellemek bolar.

Aral deňziniň sebitinde daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda alnyp barylýan halkara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen birnäçe teklipler taýýarlanyldy.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça sebitleri toplumlaýyn ösdürmegiň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmagyň, şeýle hem adamlaryň saglygy barada hemmetaraplaýyn alada etmegiň, şol sanda ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly möhüm meseleleriň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenilendigini belledi. Ertir – 27-nji maýda Daşoguz welaýatynda durmuş ähmiýetli möhüm desgalaryň açylmagynyň göz öňünde tutulmagy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny nygtady.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň