Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäreleri geçiriler

20:4826.05.2022
0
12364

Lebap welaýat zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi «Türkmen gündogary» gazeti arkaly etrap bölümlerinde boş iş orunlarynyň hödürleniş çäreleriniň geçiriljekdigini habar berdi.

Döwletli etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminde 2022-nji ýylyň 26-njy maýynda sagat 10:00-dan 12:00 aralygynda. Çäräniň geçjek ýeri: Döwletli etrabynyň Döwletli şäherçesiniň Şaýoly köçesiniň 12-nji jaýy, telefon belgisi: 800434 2-01-15.

Çärjew etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminde 2022-nji ýylyň 27-nji maýynda sagat 10:00-dan 12:00 aralygynda. Çäräniň geçjek ýeri: Çärjew etrabynyň Hojagala şäherçesiniň Magtymguly köçesiniň 2-nji jaýy, telefon belgisi: 800433 4-56-97.

Halaç etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminde 2022-nji ýylyň 27-nji maýynda sagat 10:00-dan 12:00 aralygynda. Çäräniň geçjek ýeri: Halaç etrabynyň Halaç şäheriniň S.A.Nyýazow köçesiniň 21-nji jaýy, telefon belgisi: 800441 2-17-72.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň