Soňky habarlar

Arhiw

Hepdäniň dynç alyş günleri Aşgabatdaky teatrlarda 20-den gowrak sahna eserleri görkeziler

20:3126.05.2022
0
912

Şu ýylyň 27-nji maýyndan 29-njy maýy aralygynda Aşgabatdaky teatrlar paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin öz gapylaryny giňden açar. Hepdäniň ikinji ýarymynda teatr sahnasynda körpe ýaşly tomaşaçylar bilen birlikde uly ýaşly tomaşaçylar üçin sahna eserleriniň 20-den gowragy görkeziler. Teatrlaryň administrasiýalarynyň «Turkmenportal» web saýtymyza habar bermegine görä, Aşgabatdaky teatrlarda şu aşakdaky oýunlar görkeziler.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatry:

  • 27-nji maý: «Şadyýan wäşiler» 19:00;
  • 28-nji maý: «Saňa ýalan, maňa çyn» 19:00;
  • 29-njy maý: «Şadyýan wäşiler» 19:00.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatry:

  • 27-nji maý: «Körpe gelin» 19:00;
  • 28-nji maý: «Balzaminowyň öýlenişi» 19:00;
  • 29-njy maý: «Toýumyza gel, toýumyza!» 19:00.

A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry:

  • 27-nji maý: «Arşyn mal alan» 19:00;
  • 28-nji maý: «Bir we iki» 13:00;
  • 28-nji maý: «Aşyklaň şäheri» atly konsert 19:00;
  • 29-njy maý: «Kökejik» 11:00; 13:00;
  • 29-njy maý: «Täsin adamlar» 19:00.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:

  • 27-nji maý: «Gyzyl alma» (Oýun ilkinji gezek görkezilýär) 19:00;
  • 28-nji maý: «Gyzyl alma» (Oýun ilkinji gezek görkezilýär) 19:00;
  • 29-njy maý: «Lukman gelinlik» 19:00.

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry:

  • 27-nji maý: «Çynymy aýtsam» 19:00;
  • 28-nji maý: «Gülki agşamy» 19:00;
  • 29-njy maý: «Gülki agşamy» 19:00.

Türkmen Döwlet gurjak teatry:

  • 27-nji maý: «Çagaly öý bazar» 19:00;
  • 28-nji maý: «Alýaňak» 12:00;
  • 28-nji maý: «Gurjak gyz» 19:00;
  • 29-njy maý: «Külbejik» 12:00, 15:00;
  • 29-njy maý: «Söýgi bizi halas eder» 19:00.

Teatr sahnasynda görkeziljek oýunlar üçin petekleri teatrlaryň kassalaryndan alyp bolýandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň