Arhiw

"Dordoý" baş tälimçisini işden boşatdy

16:4726.05.2022
0
2068

«Köpetdagyň» AFK-nyň kubogyndaky garşydaşy «Dordoý» baş tälimçisiz galdy. Ikitaraplaýyn ylalaşygyň netijesinde klubyň ýolbaşçylary baş tälimçi Murat Jumakeýewiň we uly tälimçi Aleksandr Beldinowyň şertnamalaryny ýatyrdylar.

Bu barada Türkmen sport habar berýär.

Klubyň metbugat gullugy täze baş tälimçiniň ýakyn günlerde belleniljekdigini ýazýar.

Tälimçi çalşygynyň esasy sebäbi toparyň Gyrgyzystanyň Premýer-ligasyndaky şowsuz çykyşydyr. «Dordoý» häzir 10 toparlyk çempionatda altynjy orny eýeleýär.

«Köpetdag» «Dordoý» bilen AFK-nyň kubogy ― 2022-niň çäginde 27-nji iýunda duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň