Soňky habarlar

Arhiw

Datly hasyl: Gyrgyzystanyň demirgazygynda ýertudana ýygylýar

12:5726.05.2022
0
810
Datly hasyl: Gyrgyzystanyň demirgazygynda ýertudana ýygylýar
Surat: foodandhealth.ru

Gyrgyzystanyň demirgazygynda ýertudananyň bol hasyly ýetişdi, ýygym möwsümi welin, howanyň sowuklygy zerarly bu ýyl adatdakydan gijräk başlandy.

Miwäni mazaly gyzaryp bişende ýygmaly, bu kadany Kalyýman Israilowa gyşarnyksyz berjaý edýär, onuň gaýynatasy haçandyr bir wagt Kuntuu obasyna “Gara şazada” atly ýertudana sortuny getirdi, indi miweli meýdanlar birnäçe gektary tutýar, oba bolsa gyrgyz ýertudanasynyň watany hasaplanýar.

“Bu biziň esasy eklenjimiz, özem diýseň girdejili, ýertudananyň hasylynyň arkasyndan öý gurundyk, çagalarymyza, agtyklarymyza iýdirýäris” diýip, Kalyýman aýdýar.

Bu ýyl hasyl bereketli boldy: her inedördül metrden ýedi kilo çenli ýertudana ýygýarlar. Daýhanlar harydy käte bazara satmaga eltibem ýetişmeýärler, miwäni ekiniň başyna gelip, lomaý satyn alýarlar.

Gara-Balta obasyndan Gülşen: “Ýörite ýertudana satyn almak üçin şu oba gelýärin, diýseň datly, arzan, esasy hem ter. Mürepbe gaýnadyp, agtyklarymy begendirmekçi, goý, hezil edinsinler” diýýär.

Bişkegiň bazarlaryna miwäni golaýdaky obalaryň onusyndan getirip ýerleýärler. Bahasy hem elýeterli diýip, şäherliler aýdýarlar. Bu barada MIR24 ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň