Soňky habarlar

Arhiw

Hindistan şekeriň ýurtdan çykarylmagyna çäklendirme girizdi

12:0826.05.2022
0
757
Hindistan şekeriň ýurtdan çykarylmagyna çäklendirme girizdi
Surat: tridge.com

Hindistan şekeriň ýurtdan çykarylmagyna döwletiň çäginde bu önümiň elýeterliligi we kadaly nyrhlar gazanylýança çäklendirme girizdi.

Bu barada Hindistanyň Söwda we senagat ministrligi habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Şunda hökümet şekeriň eksportuna 10 million tonna çenli limit kesgitledi, bu karar 1-nji iýundan güýje girip, 2022-nji ýylyň 31-nji oktýabryna çenli dowam eder. Hindistan şekere soňky alty ýylda ilkinji gezek şeýle çäklendirme girizýär.

Hindistan dünýäde Braziliýadan soň bu önümi öndüriji ikinji iri döwletdir, şonuň üçin häzirki çäklendirme bütin dünýäde şekeriň bahasyna täsir eder diýip, bilermenler aýdýarlar.

Öň Hindistanyň hökümeti bugdaýyň daşarky bazara çykarylmagyna gadaganlyk girizipdi, şondan soňra Ýewropada bugdaýyň bahasy bir tonna üçin 455 ABŞ dollaryna çenli rekord derejede gymmatlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň