Soňky habarlar

Arhiw

Russiýadaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň wekilligi awiapetekleriň satuwyny gaýtadan ýola goýdy we ozal ulanylmadyk awiapetekleri çalyşmagyň mümkinçiliklerini mälim etdi, «Ak şäherim Aşgabat» sergisi öz işine başlady we beýleki habarlar

10:0026.05.2022
0
31011

1. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilligi resmi saýtynda ýakyn wagtda Kazanda Türkmenabada amala aşyryljak uçuş üçin talap edilýän düzgünleri mälim etdi. Petek satyn almak üçin Russiýanyň çägindäki howa ulaglary ulgamynyň Baş agentligi bilen +79119300080 ýa-da +78124599899 telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

2. Ozal Moskwa – Aşgabat, Kazan – Aşgabat we Sankt-Peterburg – Aşgabat ugurlary boýunça awiapetek satyn alyp, ony ulanyp bilmedik ýolagçylar bu petekleri öz ýakyn garyndaşlarynyň kömegi bilen Türkmenistanyň çägindäki «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň bölümlerinde çalşyp bilerler.

3. 2022-nji ýylyň 1-ni, 8-nji, 15-nji we 22-nji iýunynda Aşgabat – Kazan ugry boýunça uçjak ýolagçylar öňünden ýazylmazlyk esasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasyna wiza resmileşdirmek üçin resminamalaryny berip bilerler. Görkezilen şahslara diňe wagtlaýyn wiza berler.

4. Aşgabatda XXI «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Halkara gözden geçirilişe 80-den gowrak türkmen we daşary ýurt kompaniýalary gatnaşdylar. Sergi eksponatlarynda Aşgabadyň gözel keşbii, ykdysadyýet, ylym we bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, medeniýet we durmuşyň beýleki ugurlarynda gazanylan üstünlikleri şöhlelendirildi.

5. Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasy ýurdumyzyň raýatlarynyň daşary ýurt pasportlarynyň möhletini 2024-nji ýylyň dekabrynyň aýagyna çenli uzaltmak işine girişdi.

6. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Russiýa GDA agza döwletleriň raýatlarynyň pensiýa üpjünçiligi ulgamyndaky kepillikleri hakyndaky Ylalaşygyndan çykar. Halkara resminama Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň aşaky palatasy tarapyndan güýjüni ýitiren diýip hasap edildi.

7. Germaniýanyň «Volkswagen» konserni «Touareg» kysymly ýörite ulagynyň 20 ýyllygyny belledi. Bu waka mynasybetli kompaniýa «Touareg» awtoulagynyň Edition 20 görnüşini çykardy. Täze ulag adatydan birnäçe özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýar.

8. Türkmen türgenleri Oş şäherinde (Gyrgyzystan) geçirilen alyş göreşi boýunça Aziýa çempionatynda 15 medal gazanmagy başardylar.

9. Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy türgenleşik geçmek üçin Tailanda geldi. 27-nji maýda iki ýurduň milli ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirerler.

10. Özbegistanyň teleýaýlymlary 1-19-njy iýunda geçiriljek futbol boýunça Aziýanyň Kubogy ugrunda çempionatda (23 ýaşa çenli) Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ähli duşuşyklaryny göni ýaýlymda görkezer. Ýaşlaryň arasynda futbol boýunça Aziýanyň Kubogy ugrunda çempionat Özbegistanyň Daşkent we Karşi şäherlerinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň