Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasy daşary ýurt pasportlarynyň möhletini uzaltmaga girişdi

01:2026.05.2022
0
9516

Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasy türkmen raýatlarynyň daşary ýurt pasportlarynyň möhletini 2024-nji ýylyň ahyryna çenli uzaltmaga girişdi. Bu bildiriş diplomatik edaranyň resmi sosial media sahypalarynda ýerleşdirilendir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndaky 2300 belgili hem-de 2022-nji ýylyň 28-nji aprelindäki 77 belgili kararlaryna laýyklykda, Türkmenistana girmek we Türkmenistandan çykmak üçin 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2024-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygynda tamamlanan ýa-da tamamlanýan Türkmenistanyň raýatlarynyň pasportlarynyň möhleti 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasy (Nýu-Deli şäheri) Türkmenistanyň raýatlarynyň ýüztutmalary boýunça daşary ýurt pasportlarynda olaryň möhletiniň uzaldylýandygy barada bellik edýär.

Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasy salgysy: Nýu-Deli, West End Colony, C blok, 11.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň