Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Tailanda bardy

23:5625.05.2022
0
9040

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny we ýerli ýygyndy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmek üçin Tailanda bardy.

Günüň ikinji ýarymynda Bangkoga baran türkmen futbolçylary bir gije bu şäherdäki myhmanhanalaryň birinde düşläp, ertirligi Sisaket prowinsiýasyna sary ýola düşdüler.

27-nji maýda Türkmenistanyň we Tailandyň milli ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy meýilleşdirilýär. Ol Sisaketdäki «Şri Nakhon Lamduan» stadionynda geçiriler. Duşuşygyň Aşgabat wagty bilen sagat 15:30-da başlanmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň milli ýygyndysyna 31 futbolçynyň çagyrylandygyny we Tailanddaky türgenleşikleriň 31-nji maýa çenli dowam etjekdigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň