Soňky habarlar

Arhiw

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli konsert geçiriler

19:3725.05.2022
0
954

Şu ýylyň 27-nji maýynda Aşgabat şäherindäki «Aşgabat» seýilgähinde her ýylyň 1-nji iýunynda uludan bellenilýän Çagalary goramagyň halka güni mynasybetli konsert geçiriler. Bu barada seýilgähiň administrasiýasy «Turkmenportal» web saýtymyza habar berdi.

Konserti Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi bilelikde guraýar.

Konsertiň dowamynda çagalar üçin dürli oýunlar, sazlary bilmek, karaokede aýdym aýtmak boýunça bäsleşikler geçiriler. Mundan başga-da, konsertiň dowamynda artistler toparynyň degişme sahnalary guralar.

Konsert 17:00-da başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň