Poladyň dünýä önümçiligi 5 göterim pese düşdi

16:1125.05.2022
0
824
Poladyň dünýä önümçiligi 5 göterim pese düşdi
Surat: benzopilatut.ru

Dünýäniň 64 ýurdunda poladyň önümçiligi geçen 2021-nji ýylyň degişli döwründäkiden 5,1 göterim pese gaçyp, 162,7 million tonna deň boldy. Bu barada Poladyň bütindünýä assosiasiýasynyň (World Steel Association) maglumatynda aýdylýar diýip, “Interfax.ru” ýazýar.

Guramanyň hasabatyna görä, Russiýa geçen aýda poladyň önümçiligini ýyllyk aňladylmada 0,6 göterim, 6,4 million tonna çenli artdyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň