Arhiw

«Volkswagen» ýubileý «Touareg» Edition 20 awtoulagyny hödürledi

15:5025.05.2022
0
2665
«Volkswagen» ýubileý «Touareg» Edition 20 awtoulagyny hödürledi

“Touareg” kysymly ýörite awtoulagyň çykmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli Volkswagen nemes konserni döwrebap Touaregiň ýörite nusgasyny hödürledi. Täze awtoulag Edition 20 ady bilen çykarylyp, ol adatdakylaryndan birnäçe özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýar.

VW Touareg-iň ýubileý nusgasynyň kuzowy özboluşly Meloe Blue reňke, ýörite dizaýnly ýeňil splawly 20 dýumlyk teker diskalaryna (Bogota nusgasy) eýe. Onuň aýnalary gömük garaldylyp, direglerinde ýörite ýazgylary bar. Krossoweriň salonynyň bosagasynda Edition 20 ýazgyly ýagtylandyrylan goşundy bolup, tizlik geçirijiniň tutawajynda ýörite logotip bar.

News.drom neşiriniň bellemegine görä, VW Touareg-yň ýubileý nusgasy V6 turbodizelli (kuwwatlylygy – 231 ýa-da 286 at güýji), V6 benzin turbomotorly (340 a.g.) we zarýad berilýän gibrid görnüşli (275 a.g.) enjamly awtoulaglar üçin hödürleniler. Touareg Edition 20-niň satuwy iýun aýynyň ortalarynda başlaýar. Onuň bahasy 77 530 ýewrodan başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň