Soňky habarlar

Arhiw

Lukmanlar kyrk ýaşdan soň saglygyňy saklamaga peýdaly endikleri sanadylar

11:5825.05.2022
0
1346
Lukmanlar kyrk ýaşdan soň saglygyňy saklamaga peýdaly endikleri sanadylar
Surat: mir24.tv

Amerikaly lukmanlar 40 ýaşdan soň saglygyňy gorap saklamaga ýardam berýän endikler bilen tanyşdyrdylar. Bu barada MIR24 ýazýar.

Hünärmenleriň pikiriçe, her ýyl görejiň barlagyndan geçmek gerek, bu katarakta we glaukoma ýaly göz kesellerini irki pursatda anyklamaga mümkinçilik berýär. “Göz keselleriniň köpüsi alamatsyz ýitileşýär, şonuň üçin olary wagtynda anyklamak gerek” diýip, lukman Jennifer Uodman aýdýar.

Şeýle-de, Gün şöhlesinden goraýan äýnekleri dakynmagy we deriňe ideg etmegi unutmaly däl, köçä hökman ýüzüň derisini goraýan çalgylary peýdalanyp çykmaly, gasynlaryň we jaýryklaryň öňüni alýan gialuron turşulykly ýaglar we kremler bilen ýüzüňi iýmitlendirmeli.

D witaminine baý bolan azyk önümlerini köpräk iýmeli, bu süňküň, myşsalaryň we dişleriň ýagdaýyny kadaly saklamaga mümkinçilik berýär, şeýle witamin kömelekde, ýumurtganyň sarysynda we balyk ýagynda köpdür.

Lukmanlar şeýle-de aşa ýadamakdan, ýagly-ýüzli naharlardan gaça durmagy, ownuk hysyrdylara üns bermezligi, göwnüňi giň tutmagy maslahat berýärler, sebäbi agzalan ýagdaýlaryň ählisi adamyň saglygyna ýaramaz täsir edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň