Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygy awiapetekleri satyn almagyň düzgünleri barada düşündirişi paýlaşdy

11:0025.05.2022
0
28629

Türkmenistanyň Russiýadaky Baş konsullygy (Kazan şäheri) halkara howa gatnawlary üçin petekleri satyn almagyň tertibi barada düşündiriş berdi. Bu baradaky bildiriş konsullygyň resmi web saýtynda ýerleşdirildi.

Onda nygtalyşy ýaly, 2022-nji ýylyň 1-nji iýunyndan Türkmenistan ― Kazan ― Türkmenistan ugry boýunça «Türkmenistan» awikompaniýasynyň yzygiderli yzygiderli gatnawlaryň gaýtadan dikeldilmegi bilen baglylykda, Türkmenistana uçmak isleýän adamlar petek satyn almak üçin şu salga ýüz tutup bilerler:

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasy: Sankt-Peterburg şäheri, Aleksandr Newskiý meýdançasy, 2-nji jaý. E, «Moskwa» söwda merkezi, 1110-njy ofis.

Telefon: +78124599899; Mobil telefon belgisi: +79119300080

E-poçta: avia@itmgroup.ru

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň