Türkmenistanda bedewlere bagyşlanan täze kitaplaryň ikisi çapdan çykdy

11:2125.05.2022
0
322
Türkmenistanda bedewlere bagyşlanan täze kitaplaryň ikisi çapdan çykdy

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň ýardam bermeginde «Aty saýlamagyň düzgünleri», «Ahalteke atlaryna çylşyrymly tilsimleri öwretmegiň sungaty» atly ylmy-amaly gollanma kitaplary çap edildi. Bu barada «Bereketli toprak» gazeti habar berdi.

Bu ylmy kitaplaryň awtorlary Türkmenistanyň Halk atşynasy Pygy Baýramdurdyýew hem-de S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Ahalteke atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Myrat Rejepgulyýewdir.

«Aty saýlamagyň düzgünleri» atly ylmy-amaly gollanmada atlaryň daşky beden gurluşy, olaryň kuwwatlylygy, ýyndamlygy ýaly fiziki häsiýetleri, olary saýlap-seçmek babatda maglumatlar berilýär. Gollanma ahalteke atlaryny seçgi-tohumçylyk işlerinde saýlap almakda, şeýle hem atçylyk we weterinar lukmançylygy hünärleriniň talyplary, atçylyk hünärmenleri, zoologlar we zootehnikler üçin peýdaly bolar.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen «Ahalteke atlaryna çylşyrymly tilsimleri öwretmegiň sungaty» atly ylmy-amaly gollanmada bolsa, çylşyrymly hereketler boýunça seýislemek üçin ahalteke atlarynyň saýlanyp alnyşy, olary seýislemekde nerw işjeňliginiň orny, atyň nerw we hereket ediş ulgamy, allýurlary (hereketiniň görnüşleri), ata münmegi öwretmegiň düzgünleri barada giňişleýin maglumatlar berilýär.

Bu ylmy gollanmanyň neşir edilmegi «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünlikleriniň, ahalteke atlaryna çylşyrymly tilsimleri öwretmekde milli sungatymyzyň paýynyň örän uludygyna şaýatlyk edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň