Soňky habarlar

Arhiw

BSGG-niň başlygy Gebreýesus ikinji möhlete saýlandy

11:1825.05.2022
0
4101
BSGG-niň başlygy Gebreýesus ikinji möhlete saýlandy
Surat: aa.com.tr

Tedros Adhanom Gebreýesus düýn, sişenbede Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň başlygy wezipesine ikinji möhlete saýlandy, ol indi gurama 2022-2027-nji ýyllaryň dowamynda ýolbaşçylyk eder.

Bu barada “Interfax.ru” habar berdi. Şu ýyl Gebreýesus bu wezipä ýeke-täk dalaşgär görkezildi, şunlukda ol birbada ýigrimiden gowrak ýurt tarapyndan ady tutulan wezipä hödürlenen dalaşgär boldy.

Gebreýesus BSGG-niň başlygy wezipesine 2017-nji ýylda bellendi. 2012-nji ýyldan 2016-njy ýyla çenli Efiopiýanyň daşary işler ministri, ondan öň bu ýurduň saglygy goraýyş ministri bolup işledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň