Soňky habarlar

Arhiw

BSG 12 ýurtda maýmyn mamasynyň ýüze çykarylandygyny habar berdi

17:3924.05.2022
0
1615
BSG 12 ýurtda maýmyn mamasynyň ýüze çykarylandygyny habar berdi
Surat: belta.by

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasy (BSG) 13-21-nji maý aralygynda dünýäniň 12 ýurdunda 92 adamda maýmyn mamasy ýokanjynyň ýüze çykarylandygyny habar berdi.

“Interfax.ru” habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, ýene 28 adamda ady tutulan keseliň alamatlary hasaba alyndy. Heniz keseliň pidasy bolan ýok.

Maýmyn mamasy bilen iň köp kesellänler Portugaliýada, Ispaniýada we Beýik Britaniýada hasaba alyndy, olarda 21-den 30-a çenli adamda ýokanç bellige alyndy. Şeýle-de ýokanç bilen kesellänler Awstriýa, Belgiýa, Kanada, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Niderlandlar, Şwesiýa we ABŞ ýaly ýurtlarda ýüze çykaryldy.

Maýmyn mamasy — seýrek duşýan ýokanç kesel bolup, ol, esasan, Merkezi we Günbatar Afrikada has köp duşýar. Onuň alamatlary ýürek bulanmasy, gyzgynyň galmagy, örgün, gijilewük hem-de bogunlaryň agyrmagydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň