Soňky habarlar

Arhiw

BMG: dünýäde bosgunlaryň sany 100 milliona ýetdi

17:5524.05.2022
0
1035

Ýaragly gapma-garşylyklar, adam hukuklarynyň bozulmagy we yzarlanmalar sebäpli dünýäde bosgunlaryň we ýurt içinde göçen adamlaryň sany taryhda ilkinji gezek 100 milliondan agdy. Bu barada BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň edarasynyň guramanyň saýtynda ýerleşdiren habarynda aýdylýar.

“Bu dünýädäki howsalaly ýagdaýy görkezýär - diýip, ýokary komissar Filippo Grandi aýdýar: - Munuň özi adamzada ýer ýüzünde parahatçylygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek barada duýduryşdyr”.

2021-nji ýylyň aýagyna çenli ýaşaýan ýerini terk etmäge mejbur bolanlaryň sany bütin dünýä boýunça 90 million adama ýetipdir, bu, esasan, Efiopiýa, Burkina-Faso, Mýanma, Nigeriýa, Owganystan we Kongo Demokratik Respublikasynda täze gapma-garşylyklaryň möwç almagy bilen baglydyr diýlip, habarda bellenýär. Bu barada “Belta.by” saýty ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň