Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýygyndysy alyş göreşi boýunça Aziýanyň çempionatyny 15 medal bilen tamamlady

23:4925.05.2022
0
7003

Türkmenistanyň alyş göreşi boýunça milli ýygyndysy Gyrgyzystanyň Oş şäherinde geçirilen Aziýanyň çempionatynda medallaryň jemi 15-sine mynasyp boldular. Ozal hem habar berşimiz ýaly, göreşiň bu görnüşiniň erkin usulynda bolsa türkmen pälwanlary toparlaýyn birinji orny eýelediler.

Yklym çempionatynyň ilkinji gününde nusgawy usuldaky ýaryşlar geçirildi. Bu ýaryşlarda biziň ildeşlerimiz medallaryň 8-sini eýelediler. Olaryň üçüsi altyn, ýene şonçasy kümüş, ikisi bolsa bürünç medallardyr.

22-nji we 23-nji maýda erkin usuldaky ýaryşlar geçirildi. Bu usulda milli ýygyndymyzyň toparlaýyn birinji orna mynasyp bolandygyny habar bermek has ýakymlydyr. Türkmen pälwanlary bu üstünlige 7 medal gazanmak arkaly ýetdiler.

Gazanylan üstünlikde Nurmuhammet Baýdogdyýew (iki altyn medal), Arslan Hojamberdiýew (bir kümüş, bir altyn medal), Jemal Owlýakulyýewa (bir altyn, bir kümüş medal), Naziýa Joraýewa (bir kümüş, bir bürünç medal), Daýanç Guwanjow (bir altyn, bir bürünç medal) ýaly goşa ýeňşe eýe bolan türgenleriň paýy has uludyr.

Ýeri gelende aýtsak, alyş göreşi boýunça Aziýanyň çempionatyna 14 döwletden 300-den gowrak türgen gatnaşdy. Olaryň 12-si türkmenistanly türgenlerdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň