Soňky habarlar

Arhiw

“Men Moskwada gadam urýaryn” filmi sanly abatlamadan soňra prokata çykar

11:4924.05.2022
0
267
“Men Moskwada gadam urýaryn” filmi sanly abatlamadan soňra prokata çykar
Surat: kino.mail.ru

Georgiý Daneliýanyň “Men Moskwada gadam urýaryn” («Я шагаю по Москве») atly nusgawy çeper filmi 26-njy maýda Russiýanyň kinoteatrlarynda görkezilip başlanar. “Film sanly abatlandy” diýlip, ýurduň Medeniýet ministrliginiň resmi sahypasynda aýdylýar.

Film ilkinji gezek 1964-nji ýylda XVII Kann kinofestiwalynda görkezildi we eminler topary tarapyndan ýaş kinorežissýora hormatly baýrak gowşuryldy. Filmde tanymal rus kinorežissýory we aktýory Nikita Mihalkow özüniň ilkinji keşbini döretdi. Bu barada MIR24 ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň