Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Aziýanyň kubogy-2023-iň saýlama tapgyryndan ozal Taýlandda okuw-türgenleşik ýygnanyşygy geçirer

12:3324.05.2022
1
7520

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama duşuşyklarynyň öňüsyrasynda Taýlandda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. Bu barada TFF habar berdi.

Ýurdumyzyň futbol boýunça ýygyndy toparynyň tälimçiler düzümi okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna we yklym ýaryşynyň saýlama tapgyryna futbolçylaryň 23-sini çagyrdy.

Bilşiňiz ýaly, Türkmenistanyň ýygyndy topary saýlama tapgyrynda “E” toparçada çykyş eder. Milli ýygyndymyzyň toparçadaky garşydaşlarynyň Bahreýniň, Malaýziýanyň hem-de Bangladeşiň ýygyndy toparlarydygyny ýatladýarys. Bu toparçadaky duşuşyklaryň hemmesi hem merkezleşdirilen görnüşinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriler.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň saýlama tapgyryndaky birinji garşydaşy ýer eýeleri Malaýziýanyň ýygyndy topary bolar. Bu duşuşyk şu ýylyň 8-nji iýunynda geçiriler. 11-nji iýunda Bangladeşiň milli ýygyndysynyň garşysyna meýdana çykjak ýygyndy toparymyzyň üçünji garşydaşy Bahreýniň ýygyndysy bolar (14-nji iýun).

Saýlama tapgyrynyň jemi boýunça Aziýa Kubogy-2023-iň final tapgyryna ýygyndylaryň 11-si gatnaşmaga (her toparçanyň ýeňijisi hem-de ikinji orny eýelän milli ýygyndylaryň bäşisi) mümkinçilik alarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň