Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynda nebit önümlerini saklamaga niýetlenen çanlaryň 6-sy guruldy

12:3124.05.2022
0
2608
Lebap welaýatynda nebit önümlerini saklamaga niýetlenen çanlaryň 6-sy guruldy

Türkmenabat nebit önümleri kärhanasynyň Zerger şahamçasynda nebit önümlerini saklamak üçin niýetlenen, umumy sygymy 10 müň kub metre barabar bolan dik çanlaryň 6-sy gurlup, ulanylmaga berildi. Bu barada Jeyhun.news habar berdi.

Bu möhüm buýurmany «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň Lebap welaýat bölüminiň gurluşykçylary ýokary hil derejesinde berjaý etdiler. Şahamçada bulardan başga-da umumy sygymy 900 kub metre barabar bolan dik çanlaryň 9-syny gurmak meýilleşdirilýär. Eýýäm olaryň 4-sinde gurluşyk-gurnama işleri doly tamamlandy. Bu dik çanlar çalgy ýaglaryny saklamak üçin niýetlenendir. Şeýle tagallalar welaýatyň çägindäki edara-kärhanalaryň, şeýle-de ilatyň nebit önümleri bilen üpjünçiligini has gowulandyrmaga ýardam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň