Soňky habarlar

Arhiw

Entoni Hopkins Zigmund Freýdiň keşbinde surata düşer

10:5324.05.2022
0
730
Entoni Hopkins Zigmund Freýdiň keşbinde surata düşer
Surat: filmpro.ru

Dünýäniň meşhur goja aktýorlarynyň biri Entoni Hopkins “Freýdiň iň soňky kabul edişligi” (Последний сеанс Фрейда» (Freud's Last Session) atly filmde baş keşbi janlandyrar.

Dramaturg Mark Seýntiň adybir sahna eseri boýunça surata alynjak filme Mettýu Braun režissýorlyk eder, ol öň “Bakylygyň syryny aňlan adam” («Человек, который познал бесконечность») atly filmi surata düşüripdi. Surata alnyş işleri şu ýylyň güýzünde Londonda başlanar.

Filmdäki wakalar Ikinji jahan urşunyň öňýanlarynda Freýdiň ömrüniň ahyrky ýyllarynda bolup geçýär, lukmançylykda psihoseljerme ugruny esaslandyryjy Freýd ýazyjy Klaýw Lýusy Hudaýyň bardygy barada jedele çagyrýar.Bu hakynda kino-teatr.ru saýty ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň