Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen metbugaty: «Arçman» şypahanasyndaky ösüş tapgyrlary Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen baglanyşyklydyr»

10:2424.05.2022
0
1589
Türkmen metbugaty: «Arçman» şypahanasyndaky ösüş tapgyrlary Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen baglanyşyklydyr»
Surat: "Türkmenistan" gazeti

«Arçman» şypahanasynyň ösüş tapgyrlarynyň, häzirki meşhurlygynyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady we alyp baran işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy nygtalmaga mynasypdyr ― diýlip, «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada aýdylýar.

Bu hakykata milletiň Lideriniň beren täsirli gürrüňleri hem şaýatlyk edýär. Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinde işlän döwründe Arçmanda täze önümçilik hem-de senagat kärhanalaryny gurmak babatda kabul edilen çözgüt bilen ylalaşmandygyna garamazdan, bu ýerde gurluşyklar başlanýar. Olar «Arçman» şypahanasynyň çeşmesiniň gözüniň ýapylmagyna getirýär. Gurbanguly Berdimuhamedow alnyp barylýan gurluşyk işleriniň şypahananyň çeşmesiniň kesilmegine sebäp bolandygyny ylmy taýdan esaslandyryp, Türkmenistanyň Prezidentine degişli mazmundaky haty ýollandan soňra, gurluşyk togtadylýar we şypahananyň çeşmesi açylyp, akyp başlaýar. Sanlyja ýyl geçenden soňra, şypahananyň çäginde täze, döwrebap bina hem gurlup ulanmaga berilýär. Galyberse-de, geçen ýyllarda şypahanada 7 kilometr uzaklykdan agyz suwy çekildi we bu ýerde Saglyk ýoly guruldy. Munuň özi adamlaryň saglygyny berkitmekde şypahananyň melhem suwy arkaly bejerişiň sportuň dürli görnüşleri bilen utgaşdyrylmagyny üpjün edýär.

Öňräk Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Araçman» şypahanasyna baryp, bu ýerde täze binalary gurmak baradaky başlangyjy Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýetirjekdigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň