Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Rubigiň kubuny tiz düzmek boýunça çempionat geçiriler

10:1824.05.2022
0
7412

«AkEnMar» PR agentligi bilen «Galam» mekdep we ofis harytlary dükany Aşgabadyň mekdep okuwçylaryny Rubigiň kubuny tiz düzmek boýunça geçiriljek çempionata gatnaşmaga çagyrýar.

Bäsleşige 1 — 11-nji synp aralygyndaky okuwçylar gatnaşyp bilerler. Olar ýaş aýratynlygyna görä aýry-aýry toparlara bölüner. Ýaryşda birinji, ikinji we üçünji orunlara eýe bolan çagalara «Galam», «Bossan Concept», «Kämil Bilim» hem-de «Ak Tam bazary» ýaly çärä hemaýatkärlik edýän kärhanalar tarapyndan baýraklar gowşurylar.

Rubigiň kubuny tiz düzmek boýunça ýaryş 1-nji iýunda sagat 16:00-da «Berkarar» söwda we dynç alyş merkeziniň 0-njy gatynda ýerleşýän «Galam» dükanynyň gabadynda bolar. Ýaryşa gatnaşmaga ýazylmak üçin 75 42 11 telefon belgisine ýüz tutup bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň