Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

21:5423.05.2022
0
1152
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek hem-de öňde boljak baýramçylyk senelerine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, maslahatyň dowamynda ýurduň welaýatlarynyň häkimleri sebitlerde gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň geçirilişi, galla oragyny guramaçylykly geçirmäge hemmetaraplaýyn taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler.

Mundan başga-da, häkimler ýeralmany we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilaty üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler barada aýtdylar.

Şeýle hem welaýatlarda pile taýýarlamak möwsümini netijeli jemlemek hem-de bu gymmatly çig maly tabşyrmak baradaky bellenen meýilnamany doly berjaý etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hem hasabatlar berildi. Hasabatlaryň dowamynda şu ýyl welaýatlarda gurlup, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabat berildi.

Häkimler welaýatlaryň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri hakynda hem aýtdylar.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, gowaça ideg etmek bilen bir hatarda, bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilişine, ekinleriň mineral dökünler bilen üpjün edilişine, şol sanda zyýankeşleriň we keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak ugrunda bioönümleriň ulanylyşyna uly ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutany welaýatlarda galla oragyna guramaçylykly girişmek we bu möwsümi gysga möhletde ýokary derejede geçirmek bilen bagly işlere aýratyn üns bermegi, orakda işlediljek däne ýygýan kombaýnlaryň, galla kabul edýän bölümleriň we hasyly daşamakda ulanyljak awtoulaglaryň möwsüme birkemsiz taýýarlanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti ýeralma, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde bellenilen agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmegiň, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmegiň döwrüň möhüm talabydygyny belläp, bu babatda häkimlere anyk tabşyryklary berdi.

Welaýatlarda pile taýýarlamak möwsümini netijeli jemlemek hem-de bu babatda bellenen şertnamalaýyn borçnamany doly berjaý etmek boýunça işlere hem berk gözegçilik edilmelidir.

Hormatly Prezident şu ýyl welaýatlarda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle-de welaýatlaryň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işlerine ünsi çekip, bu wakanyň mekdep uçurymlarynyň aňynda hemişelik ýakymly ýatlama bolup galmalydygyny aýdyp, bu babatda häkimlere degişli görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň