Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda sanly ykdysadyýet boýunça internet bäsleşigi geçirildi

19:3523.05.2022
0
2152

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda sanly ykdysadyýet boýunça onlaýn ders bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşigiň netijesinde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary Täzegül Sähetgulyýewa bilen Jahan Jylowowa, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Oguldursun Jümmişewa birinji orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň netijesi boýunça ikinji we üçünji orunlara Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary mynasyp boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň