Gadymy Urartu döwletiniň ýoly Wan kölüniň ýüzüne çykdy

16:3723.05.2022
0
1052

Gadymy Urartu döwleti döwründe gurlan daş ýol Türkiýäniň Wan kölüniň suwunyň ýüzüne çykdy. Kölüň ählumumy maýlama sebäpli suwy çekildi diýip, “Arkeonews” habarlar gullugy habar berdi diýip, MIR24 ýazýar.

Bir kilometr çemesi bolan ýol kenary Çarpanak adasy bilen birleşdiripdir, öň adanyň çäginde häzir harabalygy saklanyp galan Ktus ermeni monastyry ýerleşipdir.

Urartu biziň eýýamymyzdan öňki XIII-VI asyrlarda Alynky Aziýada bolan döwletdir. Wan kölüniň kenarynda onuň paýtagty Tuşba şäheri ýerleşipdir. Urartunyň ilaty suw howdanynyň töwereginde giň ulag ulgamyny döredipdir.

Daş ýol suwuň derejesiniň ýokarlanmagy bilen baglylykda kölüň astyna gidipdir. Ýoluň giňligi atly arbabalar ýörär ýaly bolupdyr, olar bilen Çarpanaga azykdyr beýleki zerur önümleri daşapdyrlar.

Wan kölüniň suwy möwsüme görä, üýtgäp durýar. Bilermenler 1994-nji ýylda suwuň ýokarlanmagy bilen bagly daş ýoluň kölüň astynda galandygyny, 2021-nji ýylda suwuň azalmagy bilen onuň ýene peýda bolandygyny belleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň