Soňky habarlar

Arhiw

Lebaply onkologlar wagyz-nesihat işlerini güýçlendirýärler

16:3023.05.2022
1
8481

Lebap welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň we welaýat onkologiýa hassahanasynyň bilelikde guramaklarynda şäherdir etraplaryň hassahanalarynda, saglyk öýlerinde öýkeniň täze howply döremelerine garşy göreşiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen yglan edilen biraýlygyň çäginde wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.

Bu barada Jeyhun.news «Türkmen gündogary» gazetine salgylanyp habar berdi.

Welaýat onkologiýa hassahanasynyň hem-de saglyk öýleriniň lukmanlarynyň, feldşerleriniň we şepagat uýalarynyň gatnaşmaklaryndaky çärelerde öýkeniň täze howply döremeleriniň öňüni almaklyga we ony ir ýüze çykarmaklyga bagyşlanan gürrüňdeşlikler geçirilýär. Şeýle-de, çärelerde onkolog lukmanlar öýkeniň täze howply döremelerine garşy göreşmekde ýerlerdäki kärdeşleri bilen tejribe alyşýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň