Alymlar: ählumumy maýlama adamlaryň ukusyny kemýär

15:5423.05.2022
0
1190
Alymlar: ählumumy maýlama adamlaryň ukusyny kemýär
Surat: ferra.ru

Ählumumy maýlama adamlaryň ukusyny kemip bilýär diýlip, “One Earth” ylmy neşirinde çap edilen makalada bellenýär. Alymlaryň aýtmagyna görä, geçirilen barlaglaryň netijesinde ortaçadan ýokary bolan howa derejesi adamyň ukusyny bozýar.

«Bu yssy howa zerarly giç uklamagyň we ir oýanmagyň hasabyna bolup geçýär» diýip, Kopengagen uniwersitetiniň wekili Kelton Maýnor nygtaýar.

Alymlar ukyny yzarlamak üçin ulanylýan elektron bileziklerden alnan maglumatlary toplamak bilen, dünýäniň dürli yklymlaryndaky adamlaryň 47 müňüsiniň ukusy bilen bagly ýazgylaryň 7 millionyny öwrendiler. Şunlukda, 30 derejeden ýokary bolan howada ukynyň 14 minut kemelýändigi hasaba alyndy.

Hünärmenler 2099-njy ýylda howanyň ählumumy maýlamasy netijesinde adamyň ukysynyň dowamlylygynyň ýyllyk hasaplamada 50-58 sagat azaljakdygyny çaklaýarlar. Bu barada MIR24 ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň