Soňky habarlar

Arhiw

Saud Arabystanynda zenan ekipažly ilkinji howa gatnawy amala aşyryldy

14:2623.05.2022
0
974
Saud Arabystanynda  zenan ekipažly ilkinji howa gatnawy amala aşyryldy
Surat: perild.com

Saud Arabystanynyň “Flyadeal” atly awiakompaniýasy Patyşalygyň taryhynda diňe zenanlardan düzülen ekipažly uçar bilen ilkinji gatnawyň amala aşyrylandygyny habar berdi diýip, “RIA Nowosti” ýazýar.

Bu barada kompaniýanyň Twitterde ýerleşdirilen habarynda ýedi gyzdan ybarat bolan ekipažyň suraty hem ýerleşdirilipdir.

Howa gatnawy Airbus A320 açarynda ýurduň Er-Riýad we Jidda şäherleriniň arasynda amala aşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň