Futbol boýunça Daşoguz welaýatynyň kubogy ugrunda ýaryş geçirilýär

12:1023.05.2022
0
850
Futbol boýunça Daşoguz welaýatynyň kubogy ugrunda ýaryş geçirilýär

Daşoguz welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň we Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda toparlaryň altysynyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berildi.

Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berdi.

30-njy maýa çenli dowam etjek Kubok bäsleşiginiň ýeňijileri bir aýlawda geçiriljek bäsleşigiň netijesinde belli bolar.

Gatnaşýan toparlar:
“Turan” (Daşoguz şäheri)
“Akdepe” (Akdepe etraby)
“Almaz” (Daşoguz şäheri)
“Daşoguz” (Daşoguz şäheri)
“Nowbahar” (S.A.Niýazow etraby)
“Ruhybelent” (Ruhybelent etraby)

Bellik: Kubok bäsleşiginiň duşuşyklary Daşoguz şäherindäki “Garaşsyzlyk” stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň