Soňky habarlar

Arhiw

Wiktor Orban Serdar Berdimuhamedowa hat ýollady

01:3423.05.2022
0
981

Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat ýollady. Hatda, hususan-da, şeýle ýazylýar:

«Hormatly jenap Prezident!

Size we tutuş türkmen halkyna wenger-türkmen diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Şu geçen döwürde gatnaşyklar iki halkyň bähbidine özara hormat goýmak esasynda ösdürildi.

Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň we täze ulgamlarda giňeldilmeginiň Wengriýa üçin mundan beýläk-de ileri tutulýan ugurlaryň biri boljakdygyna Sizi ynandyrýaryn.

Size berk jan saglyk we jogapkärli işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň