Soňky habarlar

Arhiw

Geçen hepdede birža arkaly 54 geleşik baglaşyldy

23:3822.05.2022
1
5487

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýanyň we BAE-niň telekeçilerine tüýjümek önümler, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 576 müň dollaryndan gowrak boldy.

Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçileri jemi bahasy 800 müň manada golaý nah ýüplügi we el halylaryny satyn aldylar.

Türkmenistanyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 654 million 499 müň manatdan gowrak bolan «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürdi, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň