Soňky habarlar

Arhiw

BAE-de täze nebit ýataklary açyldy

17:3921.05.2022
0
522
BAE-de täze nebit ýataklary açyldy
Surat: hightech.fm

Birleşen Arap Emirliklerinde (BAE) täze üç sany nebitli ýataklaryň üsti açyldy. Bu barada “Trend” saýty “Lenta.ru” habarlar gullugyna esaslanyp ýazýar.

Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) beýanatynda ýataklaryň biriniň Abu-Dabi Bu Hasa diýlen nebitli çäkde tapylandygy aýdylýar, ol arap döwletiniň paýtagtyndan günorta-günbatarda 200 kilometrlikde ýerleşýär. Ýatagyň gorlary ýokary derejeli nebitiň 500 million barreline deň.

Ikinji ýatagyň gory 100 million barrel töweregi bolup, ol deňizde, Abu-Dabiniň kenarlaryna golaýda tapyldy. Oňa Occidental (OXY.N) kompaniýasy eýelik edýär. Üçünji ýatak ýeňil we azkükürtli nebitiň 50 million barreline barabar bolup, ol Al Dhafra Petroleum kompaniýasyna degişlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň