Soňky habarlar

Arhiw

BMG Afrikada 18 million adama açlygyň howp salýandygyny duýdurdy

19:5521.05.2022
0
646
BMG Afrikada 18 million adama açlygyň howp salýandygyny duýdurdy
Surat: kapital.kz

Birleşen Milletler Guramasy Afrikanyň günbataryndaky Sahel sebitinde öňdäki üç aýda klimatik betbagtçylyklardyr dünýädäki gapma-garşylyklar we nyrhlaryň gymmatlamagy bilen baglylykda açlyk howpunyň döräp biljekdigini duýdurdy diýip, düýn “Associated Press” habarlar gullugy habar berdi. Bu barada “Interfax.ru” ýazýar.

Gürrüň 2014-nji ýyldaky ilkinji giň gerimli açlygyň gaýtalanmak mümkinçiligi barada barýar, häzir Burkino-Fasoda, Malide, Nigerde we Çadda 1,7 million adam aýratyn howp astynda galýar.

Bu, BMG-niň bilermenleriniň pikiriçe, bosgunlygyň artmagyna getirip biler, “Biz has kän adamlaryň güzeran dolandyrmak maksadynda bosgunlyga ýüz urmagyna garaşyp bileris” diýip, bilermenler nygtaýarlar.

“Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky gapma-garşylyk bilen bagly emele gelen nyrhlaryň gymmatlamagy azyk gytlygyndan gumanitar betbagtlyga öwrülip biler” diýip, ady agzalan guramanyň baş sekretarynyň gumanitar meseleler boýunça orunbasary Martin Griffits beýanat berdi, ol Russiýa bilen Ukrainanyň dünýäde bugdaýy, arpany we beýleki oba hojalyk önümlerini iň köp üpjün ediji döwletler bolup durýandygyny ýatlatdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň