Russiýanyň Ýewropa Bileleşiginde energiýa serişdeleriniň nyrhlarynyň ýokarlanmagy bilen baglylykda, Ýewropa ýurtlaryna bu ýylky gazyň satuwyndan gazanjak girdejileri rekord derejedäki 100 milliard ABŞ dollaryna ýetip biler. Bu barada “Citibank” maliýe edarasynyň seljerijileri aýdýarlar diýip, TASS habarlar gullugy “Les Echos” gazetine salgylanyp habar berdi.
Bilermenleriň pikiriçe, rus tebigy gazynyň satuwyndan garaşylýan girdeji geçen ýyldakydan takmynan iki esse ýokary bolar. Şunda seljermede kömrüň, nebitiň we beýleki peýdaly gazylyp alynýan baýlyklardan geljek girdejiler hasaba alynmaýar.