Soňky habarlar

Arhiw

Iýun aýynda Aşgabatda jemgyýetçilik kabul edişligiň ikisi geçiriler

17:2921.05.2022
0
574
Iýun aýynda Aşgabatda jemgyýetçilik kabul edişligiň ikisi geçiriler

2022-nji ýylyň 4-nji we 18-nji iýunynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň gatnaşmaklarynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler.

«Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berlişi ýaly, kabul edişlik Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda, ýagny Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda sagat 09:30-dan 12:00-a çenli geçirilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 39-19-20; 39-19-21.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň