Soňky habarlar

Arhiw

UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynyň final duşuşygyna Türkmenistandan haýsy ýaýlym arkaly tomaşa edip bolar?

14:4321.05.2022
1
4523

25-nji maýda «Roma» we «Feýenoord» toparlarynyň arasynda UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynyň final duşuşygy geçiriler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen gije sagat 23:55-de başlanýar. Ol Russiýanyň «Matç TW» teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda ýetiriler.

Bu ýaýlyma Türkmenistanda IPTV arkaly tomaşa etmek mümkinçiliginiň döredilendigini ýatladýarys.

Final duşuşygy Albaniýanyň Tiran şäherindäki «Arena Kombetare» stadionynda geçiriler.

Çempion geljek möwsümde UEFA-nyň Ýewropa ligasynda çykyş etmäge hukuk gazanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň