Soňky habarlar

Arhiw

“Xiaomi” kompaniýasynyň sap girdejisi birinji çärýekde 36,1 göterim azaldy

14:5120.05.2022
0
604
“Xiaomi” kompaniýasynyň sap girdejisi birinji çärýekde 36,1 göterim azaldy
Surat: bgr.in

Dünýäde smartfonlary öndüriji iri hytaý kompaniýasy 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde sap girdejileriniň geçen ýylyň degişli döwründäkiden 36,1 göterim azalandygyny habar berdi, şunlukda bu ýyl görkeziji 2,8 milliard ýuana (417,9 million ABŞ dollary) deň boldy. Bu barada kompaniýanyň hasabat nutugynda aýdylýar diýip, TASS habarlar gullugyna esaslanyp, “Trend” ýazýar.

Umumy girdeji babatda-da pes görkeziji hasaba alyndy, ol ýanwar-mart aralygynda 73,3 milliard ýuana (10,9 milliard ABŞ dollary) deň bolup, bu ýyllyk görkezijide 14,3 göterim pese gaçmagy aňladýar.

“Xiaomi” 2010-njy ýylyň aprelinde esaslandyryldy we häzirki wagtda dünýäde smartfonlary öndüriji öňdebaryjy kompaniýalaryň hataryna girýär. 2018-nji ýylda Gonkongdaky biržada öz paýnamalarynyň satuwyny ýola goýdy.

Şu ýylyň fewralynda kompaniýany esaslandyryjy Leý Szýun “Xiaominiň” öňdäki üç ýylda “Apple” önümlerini ýerli bazardan gysyp çykaryp, HHR-da satuwlar babatda öňdäki orna çykmakçydygyny habar berdi. Emma kompaniýa häzir öz bäsdeşleri tarapyndan bazarda berk bäsdeşlige duçar bolýar, birinji çärýekde ol şeýle hem ýurduň birnäçe etraplarynda koronawirus ýokanjy bilen baglylykda girizilen çäklendirmeler sebäpli smartfonlar üçin şaýlaryň ýiti ýetmezçiligine duçar boldy. Netijede, onuň dünýä bazaryndaky satuwy ýanwar-martda geçen ýylyň degişli döwründäkiden 12,7 göterim pese gaçdy we 38,5 million birlige deň boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň