Soňky habarlar

Arhiw

“Harley-Davidson” motosiklleriň önümçiligini togtatdy

14:1020.05.2022
0
1362
“Harley-Davidson” motosiklleriň önümçiligini togtatdy
Surat: mfair.ua

“Harley-Davidson Inc.” amerikan kompaniýasy öz öndürýän motosiklleriniň önümçiligini şaýlary üpjün ediji bilen ýüze çykan meseleler bilen baglylykda iki hepdelik togtatdy, bu barada Interfaks ýazýar. Habarda üpjün edijiniň ady agzalmaýar.

“Bu çözgüt üpjün edijiden gelip gowşan habar sebäpli ätiýaçlyk maksady bilen kabul edildi, biz ätiýaçlyk şaýlarynyň yzygiderli üpjünçiligi gazanylýança şeýle karara geldik” diýlip, kompaniýanyň saýtynda düýn, penşenbede ýerleşdirilen habarda bellenýär.

Önümçiligiň togtadylmagy elektrik herekete getirijide işleýän LiveWire motosikllerine degişli bolmaz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň