Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Bolgariýanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

10:2820.05.2022
0
571

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti Rumen Radewe we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Bolgariýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga we özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmen Lideri Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rumen Radewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Bolgariýa Respublikasynyň halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň