Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Niderlandlaryň Patyşasyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

10:2420.05.2022
0
738

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandra we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Niderlandlar Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Türkmen Lideri iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady we ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Willem-Aleksandra berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Niderlandlar Patyşalygynyň halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň