Futbol boýunça Mary welaýatynyň kubogy: 2-nji tapgyryň netijeleri

09:5220.05.2022
0
865

Futbol boýunça Mary welaýatynyň kubogy ugrundaky ýaryşyň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary geçirilip, onuň netijesinde Ýokary liganyň wekilleri “Merw” bilen “Energetik” toparlary çykyş edýän toparçalarynda öňdäki orunlary eýeleýärler.

«A» toparçanyň birinji duşuşygynda «Hereket» uly hasap bilen «Murgapdan» üstün çykan bolsa (9:1), «Merw» «Kuwwadyň» derwezesinden jogapsyz toplaryň bäşisini geçirdi. Şeýlelikde, iki tapgyrdan soň 6 utuk toplan “Merw” “A” toparçada öňdäki orny eýeleýär. 4 utugy bolan “Hereket” ikinji orunda ornaşdy.

«B» toparçada «Energetik» «Olimpi» (5:1), «Ýolöten» bolsa «Baýramalyny» (6:5) ýeňlişe sezewar etdiler. “B” toparçada 6 utugy bolan “Energetik” birinji, 3 utukdan toplan “Olimp” bilen “Ýolöten” toparlary degişlilikde ikinji, üçünji orunlary eýeleýärler.

Kubok ugrundaky bäsleşigiň üçünji tapgyrynyň duşuşyklary 21-nji hem-de 22-nji maýda geçiriler.

Mary welaýatynyň Kubogynyň ikinji tapgyrynyň netijeleri:

«А» toparça
«Murgap» – «Hereket» – 1:9
«Merw» – «Kuwwat» – 5:0

«B» toparça
«Ýolöten» – «Baýramaly» – 6:5
«Energetik» – «Olimp» – 5:1

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň