Futbol boýunça Balkan welaýatynyň kubogy: 4-nji tapgyryň netijeleri

09:4520.05.2022
0
539

Futbol boýunça Balkan welaýatynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň dördünji tapgyrynyň duşuşyklary geçirilip, onda ýaryş tertibiniň öňbaşçylary “Şagadam” bilen “Nebitçi” toparlary nobatdaky ýeňişlerini gazandylar. Bu barada Türkmensitanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berdi.

Bu tapgyryň çäginde “Galkynyş” bilen duşuşan “Nebitçi” 4:0 hasabynda ýeňiş gazanan bolsa, “Şagadam” “Nebitçi II” toparyny 5:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etmegi başardy.

Şeýlelikde, 9 utukdan toplan “Şagadam” bilen “Nebitçi” toparlary ýaryş tertibinde öňdäki orunlary eýelemeklerini dowam edýärler. Şu gün geçiriljek duşuşyklardan soň ýaryşyň ýeňijisi mälim ediler. Bu günki oýun gününiň esasy duşuşygynda “Şagadam” bilen “Nebitçi” toparlary duşuşarlar.

Kubok bäsleşiginiň ýeňijileriniň bir aýlawda geçirilýän bäsleşikde belli edilýändigini ýatladýarys.

IV tapgyryň netijeleri:
“Nebitçi” – “Galkynyş” – 4:0
“Şagadam” – “Nebitçi II” – 5:1

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň