Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň Kubogy ugrundaky duşuşykda “Ahal” hasaby açdy, ýöne “Erbil” ony deňlemegi başardy

18:0018.03.2015
0
2857

AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň toparça böleginiň 3-nji tapgyrynyň çäklerinde häzir “Aşgabat” stadionynda “Ahal” (Türkmenistan) bilen “Erbil” (Yrak) toparlarynyň arasyndaky duşuşyk ýokary depginde dowam edýär.

29-njy minutda ýer eýeleri hasaby açdylar. Pökgi çep gyradan 11 metrlik urgy nokadynyň töwereklerine geçirildi. Myhmanlaryň derwezeçisiniň tagaşyksyz yzyna gaýtaran topy Gurban Annaýewe geldi. Ol bolsa sowukganlyk bilen ony derwezäniň goragsyz galan burçuna gönükdirdi.

Aradan bir minut geçip-geçmänkä bolsa, myhmanlar ýer eýeleriniň jerime meýdançasynda netijeli hüjüm guradylar. Ol Luaýa Salahyň dürs urgusy bilen jemlendi.

Şeýlelikde, birinji ýarym 1:1 hasabynda tamamlandy, toparlar arakesmä çykdylar.     

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň