«Barselonanyň» prezidenti klubyň Kilian Mbappeniň transferi barada oýlanmaýandygyny aýtdy:
«Bize ýylyna 50 million ýewro hak talap edýän futbolçy gerek däl» diýip, Žoan Laporta «Tot Costa» neşirine beren interwýusynda aýtdy.
Mbappeniň PSŽ bilen şertnamasynyň şu möwsümiň ahyrynda tamamlanýandygyny ýatladýarys.
23 ýaşly hüjümçi möwsümde Liga 1-de 34 duşuşyk geçirip, olarda 25 gezek tapawutlandy we 17 assist etdi.